dönük dö‧nük

[dö:nük]

  1. Öz watanyna, halkyna dönüklik eden, hyýanatçy, haýyn.

    • Mydam duşmanlaryň taryn tozdurdyň, Dönükleriň tutan ýolun bozdurdyň. (Durdy Gylyç, Goşgular)

    • Içigara içalyň kepän donun biçýäris, Hapa-çüýrük dönükleri ýok edýär meň Watanym. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Sözünde, ähtinde tapylmaýan, biwepa.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dönük - dönügi.


Duş gelýän formalary
  • dönüge
  • dönügem
  • dönügi
  • dönügini
  • dönüginiň
  • dönügiň
  • dönükden
  • dönükdigine
  • dönükdigini
  • dönükdir
  • dönükler
  • dönüklerden
  • dönüklere
  • dönükleri
  • dönüklerinden
  • dönüklerini
  • dönükleriniň
  • dönükleriň
  • dönüklige
  • dönükligi
  • dönükligine
  • dönükligini
  • dönükliginiň
  • dönükligiň
  • dönüklik
  • dönüklikde