Hemmeler tarapyndan kabul edilen düzgün-tertip, dessur, adat.
Daýhanlaryň adaty diýjekmi ýa-da däbi diýjekmi, ilki saýlanan miraby suwa çümdürip çykardylar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Endik, türgenlik, gylyk-häsiýet.
Ir ýatyp, ir turmagy däp edinipdir.
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem däp - däbim, däbiň.