bulançaklyk

  1. Dury dällik, arassa bolmazlyk, bulanyklyk.

  2. Göçme manyda Agzalalyk, bulagaýlyk.

    • Päle permany boýunça Orta Aziýadaky bolýan bulançaklyklardan ýüze çykan wakalardan söz açyldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bulançaklyk - bulançaklygy.


Duş gelýän formalary
  • bulançaklygy
  • bulançaklygy-da
  • bulançaklygyna
  • bulançaklygyndan
  • bulançaklygyny
  • bulançaklygyň
  • bulançaklyklardan