bulaşmak işlik

  1. Hapa degirmek, hapalanmak.

    • Hojaýyn, towugyň aýagyny iýmän eken, ol tozana we möý kereplerine bulaşyp, atylan ýerinde ýatan eken. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

    • Üst-başlarynyň bulaşmagyndan gorkmaýan hem hiç zady ýigrenmeýän adamlaryň arasynda durdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Gör, hiç kim seniň hapaňa bulaşasy gelenok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bulam-bujar bolmak, garym-gatym bolmak.

    • Onuň saçy bulaşypdy.

  3. Ýalňyşlyk zerarly ugry ýitmek, bulaşyk bolmak, pikiriň garyşmak.

    • Eger ol basym gelmese, işleriň bulaşmagy mümkin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Garalmak, üýtgemek.

    • Biz gaýtjak bolup durkak, howanyň bulaşjakdygyny aňdyk. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Howa kä açylýar, käte bulaşýar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  5. Saýgarar ýaly bolmazlyk, garjaşmak, dumanlaşmak.

    • Trahoma göreje geçende, gözde gamaşmak we bulaşmak peýda bolýar. (S. K. Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş)


Duş gelýän formalary
  • bulaşan
  • bulaşanda
  • bulaşandyr
  • bulaşany
  • bulaşanymy
  • bulaşanyny
  • bulaşanynyň
  • bulaşar
  • bulaşarsyň
  • bulaşasy
  • bulaşaýma
  • bulaşaýmagy
  • bulaşaýmagyndan
  • bulaşaýmasa
  • bulaşdy
  • bulaşdy-da
  • bulaşjak
  • bulaşjakdygyny
  • bulaşma
  • bulaşmadyk
  • bulaşmagy
  • bulaşmagyndan
  • bulaşmak
  • bulaşmaly
  • bulaşman
  • bulaşmanam
  • bulaşmasy
  • bulaşmaz
  • bulaşmazlygyna
  • bulaşmazmy
  • bulaşmaýar
  • bulaşsamam
  • bulaşsyn
  • bulaşyp
  • bulaşypdy
  • bulaşypdyr
  • bulaşýan
  • bulaşýar
  • bulaşýardy