bulaşdyrmak işlik

  1. Hapa bulamak, çirk ýokdurmak, hapalatmak.

  2. Yzly-yzyna bulamak, çalt-çalt bulamak.

    • Ýene-de agaç çemçe bilen bulaşdyrdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  3. Agzalalyk düşürmek, bulagaýlyk döretmek, bulaşyklyk döretmek.

    • Munuň ýaly halky bulaşdyrýan melgunyň köküni köwlemek gerek. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  4. Bulam-bujar etmek, garym-gatym etmek.

    • Hasap-hesip işlerini bulaşdyrmak.

  5. Pikir garyşmak, zerarly bir zady ikinji bir zat bilen çalşyrmak.


Duş gelýän formalary
  • bulaşdyran
  • bulaşdyrandyr
  • bulaşdyrardy
  • bulaşdyrarsyň
  • bulaşdyraýmagy
  • bulaşdyraýmasyn
  • bulaşdyraýsa
  • bulaşdyrdy
  • bulaşdyrdyň
  • bulaşdyrjak
  • bulaşdyrma-da
  • bulaşdyrmaga
  • bulaşdyrmagy
  • bulaşdyrmagyna
  • bulaşdyrmagyny
  • bulaşdyrmagyň
  • bulaşdyrmak
  • bulaşdyrmakdan
  • bulaşdyrmazlyga
  • bulaşdyrmaň
  • bulaşdyrsa
  • bulaşdyrsam
  • bulaşdyryp
  • bulaşdyrypdyr
  • bulaşdyrýan
  • bulaşdyrýandygy
  • bulaşdyrýandyryn
  • bulaşdyrýanlygyndan
  • bulaşdyrýar
  • bulaşdyrýarlar
  • bulaşdyrýarsyň