bulaýlamak işlik

  1. Bir zady howada galgatmak, iki ýana bulap yşarat etmek.

    • Guýrugyny hilelik bilen bulaýlap gelýän köpek gele-gelmäne sürä kürsän urýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ol yzyna öwrüldi-de maňa elini bulaýlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Howada aýlamak, salgamak.

    • Ol elindäki taýagyny bulaýlap, ýene bir gezek urdy.


Duş gelýän formalary
  • bulaýlady
  • bulaýlady-da
  • bulaýladylar
  • bulaýlamak
  • bulaýlamansoň
  • bulaýlan
  • bulaýlap
  • bulaýlapdyr-da
  • bulaýlaýan
  • bulaýlaýar
  • bulaýlaýardy
  • bulaýlaýardylar