buky

Goranmak üçin edilen gizlin ýer, jaý, bukalga.

  • Ol bir köle ýakyn egreminde buky gurady. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)

  • Buky ýerde sakla, gizle, berk sakla. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem buky - bukuda, bukular, bukusy.


Duş gelýän formalary
  • buka
  • bukuda
  • bukudan
  • bukuja
  • bukular
  • bukulara
  • bukularyna
  • bukusyna