Birine özüňi görkezmezlik maksady bilen ýapyrylyp ýörmek, görünmejek bolup hereket etmek.
Olar oturan wagtlarynda, Wüşi kel, gorka-gorka zordan ýüz-ýüz elli ädim ýakynlaryna bukdaklap baryp bildi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Gije garaňky bolsa-da, hüjüm edýäni, bukdaklaýany, gizlenip gaçýany saýgarmaga köp sanly ýyldyz şöhlesi mümkinçilik döredýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ogryn gezmek, gaçgak bolup gezmek.
Artyk onda-munda iki gün bukdaklap gezeninden soň yzyny barlap görmek üçin çatmalaryna dolanyp geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)