Görünmejek bolup eglişip, ýöremek bukulyşyp ýörmek.
Hany, siz hem sözüňizde tapylyň -- diýer öýdüp, Tüýli bilen Myrat ýalama hem Akmyrady gören ýerlerinde bukdaklaşyp ýörler. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Onuň göwnüne bolmasa, öýe baka merhemetsiz adamlar ýapyrylyşyp, töwereklerine garanjaklaşyp, bukdaklaşyp gelýän ýalydy. (M. Gorkiý, Ene)
Ogryn gezişip ýörmek, gaçgak bolup gezişip ýörmek.