Bir işi ýerine ýetirmek üçin häkimiýet organlarynyň resmi tabşyrygy.
Ol: -- Ýoldaş leýtenant, buýruk boýunça men siziň ygtyýaryňyza iberildim -- diýdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Bir işiň ýerine ýetirilmegi barada edilýän teklip, sargyt, tabşyryk.
Aýaz öz ýaşyna laýyk gelmeýän aýgytlylyk bilen özünden iki ýaş kiçi inisi Niýaza buýruklar berýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem buýruk - buýrugy.
Grammatik termin Işiň, gymyldy-hereketiň ýerine ýetirilmegini ýa ýetirilmezligini buýurmagy ýa-da haýyş etmegi aňladýan işlik formasy.