Agzalalyk döretmek bilen meşgul bolmaklyk, tertip-düzgüni bozujylyk, gara ýüreklilik, başbozujylyk.
Men ol bozgaklygyň içinde ýok! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Nämälim, nadan toparlaryň bozgaklyk çykarmagyna çydap bolmaz. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Meniň ýüregimde zerrejik bozgaklyk bolman, men bagtly ýaşaýyş ýoluna gadam urýan ahyry. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bozgaklyk - bozgaklygy.