[bo:rçly]
Borjy bar bolan, bergili.
Bir zady ýerine getirmekligi özüne borç edinen.
Partiýa guramalary öňde baryjylaryň iş tejribesini, ylmyň gazananlaryny giň ýaýratmaga borçludylar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Edilen ýagşylyk üçin minnetdar bolan.
Ömrüm boýy borçludyryn men saňa. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.
Meselem borçly - borçluda, borçlular, borçlusy.