borç at

[bo:rç]

  1. Bergi.

    • Ýigit bar, döwlet eýesi, Borç edip egne eýesi. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

    • Borja batmak. Borja galmak.

  2. Wezipe, kär.

    • Gan döküp alnan azatlygymyzy, Goramak, saklamak biziň borjumyz. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Ine, ýaňja obamyzdan geldim men, Soldatlyk borjuma başladym ýene. (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi)

    • Mukaddes borç.

  3. Berlen söz, edilen wada.

    • Her birisi özüne borç edindi, Köp adama iş öwredip bilmegi. (R. Seýidow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem borç - borjum, borjuň.


Duş gelýän formalary
  • borja
  • borjam
  • borjudy
  • borjudyr
  • borjum
  • borjuma
  • borjumdyr
  • borjumy
  • borjumyz
  • borjumyzdyr
  • borjumyzy
  • borjun
  • borjuna
  • borjundan
  • borjundanam
  • borjuny
  • borjunyň
  • borjuň
  • borjuňa
  • borjuňdan
  • borjuňy
  • borjuňyz
  • borjuňyza
  • borjuňyzy
  • borjy
  • borçdan
  • borçdur
  • borçlar
  • borçlara
  • borçlardan
  • borçlardyr
  • borçlary
  • borçlary-da
  • borçlarydyr
  • borçlarymyz
  • borçlaryna
  • borçlarynda
  • borçlaryndan
  • borçlaryny
  • borçlarynyň
  • borçlaryň
  • borçlaryňdan
  • borçlaryňy
  • borçlaryňyzy
  • borçludy
  • borçludyr
  • borçludyrlar
  • borçlugyndan
  • borçlular
  • borçlulary
  • borçlularyň
  • borçlulygy
  • borçlulygyna
  • borçlulygyny
  • borçlulygyň
  • borçlulyk
  • borçlulykdan
  • borçlumy
  • borçly