Artykmajy bilen bar bolan, ýeterlik bolan, köp.
Günüň bol şöhlesi oba ýaýraýar. (R. Seýidow, Bagtlylar)
Zatlar örän arzan we bol. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Bol bitse gallaň, ol seniň tyllaň. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Ösdürýäris bol hasylly gowaça. (A. Haýydow, Gök asman)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem bol - bolum, boluň.