bogy bo‧gy

  1. Daňlan desse, daňy (ot, ýorunja, pul, kagyz we ş. m. hakynda).

    • Men dört bogy ot getirdim.

  2. Bir zadyň agzyny daňmak üçin ulanylýan ýüp, bag. Aýallaryň başlaryny daňýan daňysy, ýaglygy, başbogy.

    • Inçemikdir onuň ýogyn göwresi, Aýakda köwüş ýok, başynda bogy. (Çary Aşyr, Poemalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem bogy - boguda, bogular, bogusy.


Duş gelýän formalary
  • bogulyk
  • bogusy
  • bogusyny
  • bogusynyň