Organizmiň ownuk bölekleriň birleşýän ýeri; eliň, aýagyň ownuk süňkleriniň biri-biri bilen birigişýän ýeri.
Onuň gara, duzly palçygy, ep-esli ululykda bolan köli emele getirýän duzly suwy guragyry, bilagyry, bogun hem-de damar kesellerini bejermekde ýaramly serişdedir.
Küştleriniň perzisi, aty, ruhy, pili we başgalary agaçdan goýnuň bogun süňklerindendir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Gamyş, gargy we ş. m. ösümlikleriň baldaklaryndaky bölümler.
Grammatik termin Sözleriň çekimli sesleri boýunça bölünýän bölegi.
Seýdiniň hemme dörtlemeleriniň bogun sanlary deň däldir. («Edebiýat»)
Bu sözleri ol bogunlara bölüp, ýaňsy bilen aýtdy. (N. Jumaýew, Ak derek)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem bogun - bognum, bognuň, bogny.
Çekimli sese gutarýan bogun. Ýapyk bogun-soňy çekimsiz sese gutarýan bogun.
Bir zada erk edip bilmezlik, gaýraty çatmazlyk, bir işe hötde gelip bilmezlik.
Bu gezek hem göz-görtele ýalan sözlemägä onuň bogny ysmady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ol bärden baranda, Artygyň öýde ýoklugyndanmy ýa Şekeriň öýdeligindenmi-bir hili bogny ysmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Dözüp bilmezlik, el degrip bilmezlik.
Onuň dostuna zyýan ýetirmäge bogny ysmaz.