bogulmak bo‧gul‧mak işlik

  1. Daňylmak, baglanmak.

  2. Demiň tutulmak, sesiň gyryljyk bolmak, gyrylmak.

    • Ol özüniň boglan ýaly gyryk sesi bilen: -- Gürrüň näme hakynda gidýär -- diýip sorady. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  3. Bokurdakdan alnyp gysylmak, dem almagyň kynlaşmak.

    • Ýüregime galyp bolan bir küýi bir zarbada daşyma çykarmasam, boglan pişik ýaly dyrjalap meniň iç goşamy gan öýdürýä ahyry. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Erk-ygtyýaryň çäklendirilmek gysylmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem bogulmak - boglar, boglupdyr.


Duş gelýän formalary
  • boglan
  • boglandygyny
  • boglanlary
  • boglany
  • boglup
  • boglupdyr
  • boguldy
  • boguldym
  • bogulma
  • bogulmadyk
  • bogulmagy
  • bogulmagyna
  • bogulmagynyň
  • bogulmak
  • bogulmakdan
  • bogulmany
  • bogulmarynmy
  • bogulmasa
  • bogulsam
  • bogulýan
  • bogulýandygy
  • bogulýar