boşatmak işlik

  1. Bir zadyň içini boş goýmak, içindäki zatlary aýyrmak, içinden çykarmak.

    • Siz galany boşadyp, tabşyryp gitmeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Daňysyny çözüp goýbermek, bagyny çözmek.

    • Endamlarynda der bugarýan öküzleri çarhdan boşadyp, ot küdesiniň kölegesine getirdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Göläni boşadyp goýberiň.

  3. Azat etmek, erk bermek.

  4. Birini işden, wezipesinden aýyrmak, çykarmak.

    • Häziriň özünde arzaňy ýazyp bilersiň, boşadarys goýberibereris! -- diýip, Katýa saklanyp bilmän torsardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Atmak.

    • Men hem ätiýaç üçin alyp baran gaşa tüpeňimiň iki gözüni hem boşatdym. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Adama bir awtomat magazinini boşatdyk. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem boşatmak - boşadýar, boşadar, boşadypdyr.

içiňi boşatmak

seret

  • Guwanç hakynda gürläp içini boşatjakdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • boşadaly
  • boşadam
  • boşadan
  • boşadanda
  • boşadandan
  • boşadandygy
  • boşadandygyny
  • boşadanlaryndan
  • boşadansoň
  • boşadany
  • boşadanymyzy
  • boşadanyna
  • boşadanyndan
  • boşadanyň
  • boşadardy
  • boşadarlar
  • boşadarlarmyka
  • boşadaryn
  • boşadarys
  • boşadasyň
  • boşadaý
  • boşadaýsa
  • boşadaýsak
  • boşadaýyn
  • boşadaýýar
  • boşadyp
  • boşadypdy
  • boşadypdylar
  • boşadypdyr
  • boşadypdyr-da
  • boşadypdyrlar
  • boşadyň
  • boşadýan
  • boşadýandygyny
  • boşadýança
  • boşadýar
  • boşadýardylar
  • boşadýarlar
  • boşadýarmy
  • boşatdy
  • boşatdy-da
  • boşatdyk
  • boşatdylar
  • boşatdym
  • boşatdyň
  • boşatdyňyz
  • boşatjagyny
  • boşatjak
  • boşatjakdy
  • boşatjakdygyny
  • boşatjakdyklary
  • boşatma
  • boşatmady
  • boşatmadylar
  • boşatmaga
  • boşatmagy
  • boşatmagyna
  • boşatmagyny
  • boşatmagynyň
  • boşatmagyň
  • boşatmagyňyzy
  • boşatmajakdygy
  • boşatmak
  • boşatmakda
  • boşatmakdan
  • boşatmakdy
  • boşatmaklary
  • boşatmaklaryny
  • boşatmaklyga
  • boşatmaklygy
  • boşatmaklygyň
  • boşatmaklyk
  • boşatmaklykdan
  • boşatmalar
  • boşatmalara
  • boşatmalary
  • boşatmaly
  • boşatmalydy
  • boşatman
  • boşatmandyr
  • boşatmasalar
  • boşatmasam
  • boşatmaýar
  • boşatsa
  • boşatsak
  • boşatsam
  • boşatsyn