Içine hiç zat salynmadyk, doldurylmadyk.
Goçmyrat stoluň bir çetinde duran boş käselere hem çakyr guýuşdyrypdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Hiç kim tarapyndan eýelenmedik, eýesiz.
Hiçbir boş kürsi ýok, hemme ýer doly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ekin ekilmedik, hiç zat gögermedik, peýdalanylmadyk.
Ine, şu şäheriň duran ýeri ýaňy-ýakynda hem tozap ýatan boş meýdandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Zähmet bilen meşgullanmaýan, işsiz, biderek.
Hoşgeldi boş gezmeli bolan birnäçe gününi boş geçirmedi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Giň, gysmaýan.
Baglanmadyk, daňylmadyk.
Düýeleriň aýagy boşdy.
Bolgusyz, ähmiýetsiz, manysyz, esassyz.
Boş güpläp gürledi. («Tokmak» žurnaly)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem boş - boşum, boşuň.