boý boý at

  1. Adamyň göwresine ýa-da bir zada degişli uzynlyk, beýiklik.

    • Gowagyň ini bir metr, boýy üç metr. (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat)

  2. Ösüş, kämilleşiş prosesi.

    • Gowaçanyň bir näçesi entek inini, boýuny kemally almandyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Suw ýakasy, kenar ýa-da bir zadyň ugry.

    • Ýap boýlarynyň her ýerinde bir düýp tut, uzakdan bolsa hellewläp erik agaçlary görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  4. Göçme manyda Durmuşa çykmadyk, öýlenmedik.

    • Biri hem boý, jemi dört gyzy bar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Bolgusyza barynçaň, boý oturgyn ölinçäň. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem boý - boýum, boýuň.

boý almak

Ýetjek derejesine çenli ösmek.

ömür boýy

seret ömür

  • Munuň üçin ol ömür boýy ünjüli boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýol boýy

seret ýol

ýyl boýy

seret ýyl

  • Ýylboýy zähmet çekýän. (Mollamurt, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • boýa
  • boýady
  • boýam
  • boýda
  • boýdaky
  • boýdan
  • boýlar
  • boýlara
  • boýlaram
  • boýlarda
  • boýlardan
  • boýlary
  • boýlarym
  • boýlarymy
  • boýlaryna
  • boýlarynda
  • boýlaryndaky
  • boýlaryndan
  • boýlaryny
  • boýlarynyň
  • boýlaryň
  • boýlaryňa
  • boýludyr
  • boýluk
  • boýlular
  • boýlulara
  • boýlularyň
  • boýlulygy
  • boýly
  • boýlym
  • boýlyň
  • boýudy
  • boýum
  • boýuma
  • boýumdan
  • boýumy
  • boýumyz
  • boýumyzam
  • boýumyň
  • boýumça
  • boýun
  • boýuna
  • boýunda
  • boýundady
  • boýundadyr
  • boýundaky
  • boýundan
  • boýundanam
  • boýuny
  • boýunyň
  • boýuça
  • boýuň
  • boýuňa
  • boýuňam
  • boýuňda
  • boýuňdan
  • boýuňy
  • boýuňyz
  • boýuňyza
  • boýuňyzdan
  • boýuňça
  • boýy
  • boýy-da