[bi:y:njalyk]
Birahat, ynjalyksyz.
Sorag bilen ony biynjalyk edäýmäýin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Aladasy barlyk, gaýgy-ünjüsi barlyk, ynjalygy ýokluk, aladalylyk.
Ozaldan hem biynjalyk Çerkeziň Pökgi wala tüýs ýüregine düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem biynjalyk - biynjalygy.