[biti:n]
Döwülmedik, abat.
Bitin galan käse.
Ýyrtylmadyk, dagamadyk.
Bitin geýim. Bitin aýakgap.
Droba bölünmedik san.
seret çörek
Hernä çöregiň bitin eken -- diýip gülümsiredi. («Tokmak» žurnaly)
Göwni hoş, razy.
Gullynyň mundan ozal göwni bitindi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.