Biri-biri bilen bitişip duran, biri-birine ýelmeşen, sepleşen, birleşen.
Ol kostýumyň köýnegi bilen balagy bitişikdi, boýdan-başa hem ilikdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bitişik - bitişigi.