bimaza bi‧ma‧za

[bi:maza:]

  1. Garagol, terbiýesiz, ýakymsyz.

    • Mekdepde bolan wagtyňda-da şu Aman poşçynyň ogly Wepa bilen gepleşäýseň, boýnuňy sograryn, ol bir bimaza haramzadadyr! -- diýip hemle urdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Bimaza oglanyň gepine gitdim, Bu bolşum düýbünden ýalňyş ekeni. (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi)

  2. Ynjalyksyz, birahat.

    • Bimaza edenim üçin bagyşlaň! (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Gündiz görsem suratyň, gijeler bimaza men. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)

agzy bimaza

seret agyz


Duş gelýän formalary
  • bimazadyr
  • bimazalary
  • bimazalygyny
  • bimazalygyňy
  • bimazalyk