Bir zady aňşyrmak, akyl ýetirmek, bir zatdan habarly bolmak.
Reýhan arap ahyr bolmajagyny bildi. («Görogly» eposy)
Bolmanda-da seniň bu ýerde hemişelik däldigiňi men bilýärin! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bir zady özleşdirmek.
Şahyryň bu dörtlemesini häzir Türkmenleriň köpüsi ýatdan bilýär. («Edebiýat»)
Kartany oňly bilemok. Ýöne adyny aýdaýyn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Syzmak, duýmak.
Olar görmek, eşitmek, ys almak, tagamy bilmek we daşky täsirleri duýmak organlaryndan ybaratdyr. (S. K. Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş)
Tanamak.
Men onuň kimdigini bilmek isleýärin! Sen ony açyk bilýärmiň? (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Bir işi, wezipäni ýerine ýetirmegi başarmak, oňarmak.
Ol özüniň işini bilýär. Bilen bilenin işlär, bilmedik barmagyny dişlär. (nakyl)
Bilmeseň, bileniňkä git. (nakyl)
Bilene ýagty, bilmedige garaňky. (nakyl)
Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän işlikleri bilen birlikde modallyk görkezýär.
Ýüzüp bilmek, alyp bilmek, göterip bilmek, ýazyp bilmek we ş. m.
Bilmediksirän bolmak, aňmazlyk, etmek.
seret köp
Sen özüňne tabşyrylan zady etmän, köp bilen bolup, şyltak gazanýarsyň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)