bilimdarlyk bi‧lim‧dar‧lyk

[bilimda:rlyk]

  1. seret bilimlilik

    • Hemişe meýdanda güni geçýän çöl adamlary oduň ysyny alýarlar, yz yzlamakda ajaýyp bilimdarlyklaryny görkezýärler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Nowaýy bilimdarlykdan däl-de, ylym barada öz kemçiliklerinden gep urýardy. (Aýbek, Nowaýy)

  2. Köp bilmişlik etmeklik, köpbilmişlik.

    • Ol özüni hondan bärsi tutup, bilimdarlyk satdy. Aşyr şoňa bakan elini uzadyp, özüni bilimdarlyga saldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bilimdarlyk - bilimdarlygy.


Duş gelýän formalary
  • bilimdarlyga
  • bilimdarlykdan
  • bilimdarlyklaryny