[bilimda:r]
seret bilimli
Mukaddes Watanyň bar bilimdary -- Inžener, ýazyjy, şahyr hem doktor. (A. Niýazow, Şygyrlar)
Bolduň meniň başyma okumyş, bilimdar! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ýagdy öz ýanyndan özüni giň düşünjeli hem bilimdar hasaplaýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ysgyny gidip, halys bolup: -- Indi bu beladan nähili gutularkam? -- diýip, bir bilimdar tilkiniň ýanyna maslahata barypdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)