bilim bi‧lim at

  1. Okuw, sowat.

    • Garaşýar ol ýerde saňa, Bilim berjek mugallymlar. (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi)

    • Emma onuň doly orta bilimi ýok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Durma indi, gal ýeriňden, basym bol! Yhlas bilen oka, öwren, bilim al! (B. Kerbabaýew, Poemalar)

    • Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimi bolan-müňüni. (nakyl)

  2. Okamak netijesinde belli derejede alynýan ylym.

    • Başlangyç bilim. Ýokary bilim. Orta bilim.


Duş gelýän formalary
  • bilimde
  • bilimden
  • bilimdir
  • bilimdäki
  • bilime
  • bilimem
  • bilimi
  • bilimi-de
  • bilimidi
  • bilimidir
  • bilimim
  • bilimimi
  • bilimimiz
  • bilimimize
  • bilimimizi
  • bilimimiziň
  • bilimimiň
  • biliminde
  • biliminden
  • bilimindäki
  • bilimine
  • bilimini
  • biliminiň
  • bilimiň
  • bilimiňe
  • bilimiňi
  • bilimiňiz
  • bilimiňize
  • bilimiňizi
  • bilimler
  • bilimlerde
  • bilimlerden
  • bilimlerdir
  • bilimlerdäki
  • bilimlere
  • bilimleri
  • bilimlerimiz
  • bilimlerimizi
  • bilimlerimiziň
  • bilimlerinde
  • bilimlerinden
  • bilimlerine
  • bilimlerini
  • bilimleriniň
  • bilimleriň
  • bilimleriňi
  • bilimli
  • bilimlidir
  • bilimliler
  • bilimlileriň
  • bilimlilige
  • bilimliligi
  • bilimliligine
  • bilimliligini
  • bilimliliginiň
  • bilimliligiň
  • bilimlilik
  • bilimlilikdir
  • bilimlimiş
  • bilimlisi
  • bilimsiz
  • bilimsizi
  • bilimsizler
  • bilimsizligiň
  • bilimsizlik
  • bilimsizlikden