bilezik bi‧le‧zik

  1. Aýallaryň bilegine dakynýan, tylla çaýylyp kümüşden ýasalan gaşly bezeg şaýy.

    • Bu keýwany aýallaryň bileklerinde gödensiz ýasalan gadymy bäşgoşma bilezik görünýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Goşarda tylladan bar bilezigi. (A. S. Puşkin, Ertekiler)

    • Bir gülli palas edinipdir, tumar, gönjük, bilezik şaýy bar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Çagarygyň daşyndaky tegelek agaç, gurşaw.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bilezik - bilezigi.


Duş gelýän formalary
  • bilezigi
  • bilezigim
  • bilezigin
  • bilezigini
  • bilezigiň
  • bilezikdir
  • bilezikler
  • bilezikleri
  • bilezikleriň
  • bilezikli