Eliň tirsek bilen goşar aralygy.
Bilegimde ýalpyldaýan bilezik, Söýgülimden galypdy meň ýadygär. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Patyşa derýanyň gyrasyna bir gazyk kakyp, oňa bir uzyn ýüp dakyp, bir ujuny bilegine baglap, derýa suwa düşüpdir. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimi bolan-müňüni. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bilek - bilegi.