Bir zady mälim etmek, habar bermek, birine bir zat hakynda aýtmak.
Biz kinodan galmajagymyzy ejemize bildirdik.
Aňlatmak, duýdurmak.
Köp nokat sözlemiň-aýdyljak pikiriň gutarylmandygyny bildirmek üçin goýulýar.
Yzy galmak, görnüp durmak, mälim bolmak.
Onuň sag dulugynda peşehordanyň yzy bildirýärdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
seret minnetdarlyk
Kürt Ahmet minnetdarlyk bildirip, aganyň şol hormatynyňam sebäbini pikirlenip başlady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
seret syr
Ol näme-de bolsa syr bidirmediksirän bolup, tarsa ýerinden turdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
seret ynam