bilbil

Zoologiýa Özüniň hoş owazly saýraýşy bilen tapawutlanýan çal ýa-da sary reňkli saýrak guşjagaz.

  • Ak gülleriň arasynda, Bilbiller her ýana towusýar. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • Gözel eje penjiräni açyp, gür baglygyň içinde saýraýan bilbilleriň owazyny diňleýärdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

bilbil ýaly saýramak

Ýakymly gürrüň etmek, labyzly sözlemek, sakynman geplemek.

  • Bilbil kimin saýraýan dilleriň bardyr. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • bilbil-de
  • bilbilden
  • bilbildi
  • bilbildir
  • bilbile
  • bilbilem
  • bilbili
  • bilbilim
  • bilbilimden
  • bilbiliniň
  • bilbiliň
  • bilbiller
  • bilbiller-de
  • bilbillere
  • bilbilleri
  • bilbilleriň
  • bilbilli
  • bilbilliň
  • bilbilmi
  • bilbilmidir