bil bil

[bi:l]

  1. Göwräniň arka tarapynda gapyrganyň gutaran ýeriniň töweregi, guşak ýeri, guşaklyk.

    • Ol özüniň ak guşagyny biline guşanyp, daga awa gidýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Aýsoltan, bilinden aşagynyň gabalygy giň köýnegiň içinde mälim bolup duran bir gyz. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Dil bilen orak orsaň, bil agyrmaz. (nakyl)

  2. Uzun zadyň ortasy, ortarasy.

    • Ol pürsüň bilinden kesip, deň iki böldüler. Ol tut agajynyň bili örän ýogyndy.

bil açylmak

Aýbaşy bolmak, aýbaşy görmek.

bil baglamak

Birine ýa-da bir zada ynanmak, birine ýa bir zada arkaýyn bolmak, ynam etmek, daýanmak.

  • Täleýe bil baglamak namardyň işidir. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  • Meniň bil baglara hiç kimim ýokdy.

bil bermek

  1. Orta bilinden egrelmek, ýaý bermek, ýegşermek.

    • Jaýyň bil beren pürslerine aşakdan paýa urdular.

  2. Güýçden galmak, ejizlemek, garramak.

bil bükmek

Güýçden gaçmak, halys bolmak.

  • Ozalky daýhançylygyň agyr zähmeti bilimi bükdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

bil bükülmek

Güýçden galmak, tapdan düşmek, garramak, kuwwatsyzlanmak.

  • Şol wagt birden onuň gözüniň öňünde telpek basyp, bili bükülen Sähet aga peýda boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

bil ýazmak

Ýadawlyk zerarly gerinmek, dynç almak.

  • Käte sen dynç alyp, biliň ýazaňda, Syratyň, söýgülim, doly görünýär. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

  • Biziň epilen bilimizi ýazdy -- diýip, Aýgül üýtgeşik bir begenç bilen gürrüň berdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

biliňi guşamak

Gaýrata galmak, her bir işiň, zähmetiň garşysynda ykjam durmak.

  • Seň ugrunda bilim guşadym gaýym. (N. Pomma, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • bil-de
  • bilde
  • bildedir
  • bilden
  • bildenem
  • bildi
  • bildigem
  • bildigi
  • bildigim
  • bildigimizden
  • bildiginden
  • bildigini
  • bildigiň
  • bildigiňden
  • bildik
  • bildikleri
  • bildiklerinden
  • bildikmi
  • bildiler
  • bildim
  • bildimi
  • bildimikä
  • bildimmi
  • bildir
  • bildirler
  • bildiň
  • bildiňiz
  • bildiňizmi
  • bildiňmi
  • bile
  • biledi
  • biledir
  • bilem
  • bilemi
  • bili
  • bilim
  • bilimde
  • bilimden
  • bilimdir
  • bilimdäki
  • bilime
  • bilimem
  • bilimi
  • bilimidi
  • bilimidir
  • bilimimi
  • bilimiz
  • bilimizde
  • bilimize
  • bilimizi
  • bilimiň
  • bilin
  • bilinde
  • bilindedi
  • bilindedir
  • bilinden
  • bilindäki
  • biline
  • bilini
  • biliniň
  • biliň
  • biliňde
  • biliňden
  • biliňdäki
  • biliňe
  • biliňem
  • biliňi
  • biliňiz
  • biliňizde
  • biliňize
  • biliňizi
  • biliňki
  • biller
  • billere
  • billeri
  • billerime
  • billerin
  • billerinde
  • billerindäki
  • billerine
  • billerini
  • billeriniň
  • billeriň
  • billeriňe
  • billi
  • billik
  • billinde
  • billiň
  • bilmi
  • bilsiň