[bi:kärlik]
Kärsizlik, işsizlik.
Onuň öýi bikärligini şatlykly geçirmäge döwtalap myhmanlardan doly bolardy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)
Ýaltalygy, tukatlygy, bikärligi taşladym. («Tokmak» žurnaly)
Boşluk, bidereklik, ugursyzlyk.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bikärlik - bikärligi.