[bi:je]
Bir jedeli çözmek, bir zadyň gezegini, düzgünini, tertibini, hukugyny kesgitlemek üçin çekilýän belgili çöp hem-de bir zada hukuk berýän ýa-da bir düzgüne boýun edýän şertli zatjagaz we ş. m.
Kim bilýär haýsynyň bijesi galar, Haýsynyň başyna düşjek gowgalar. (M. Seýidow, Gijeki myhman)
Kimiň öňürti almalydygyna bije atyşaly. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)
Bijeli oglan aglamaz. (nakyl)
Paý, ülüş, bölek.
Çüýşegöz bolsa: -- Şonuň ikisi hem siziň brigadaňyzyň bijesine düşdi -- diýdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Meniň bijäme gaty gowy ýer düşdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)