[bi:ja:ý]
Ýerliksiz, erbet, gelşiksiz (sözlemek, özüňi alyp barmak barada).
Begenç özüniň ýönekeý wäşi sözlerine-de ynam etmän: -- Men warsaky, bijaý sözler uraýdym öýdýän -- diýip, ejap edýän wagtlary hem bolýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Tekiz däl, amatly, oňaýly bolmadyk.
Düme meýdanlary taplanmadyk bijaý ýerler, ony suwaryp bormuka? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
[bi:ja:ý]
Örän, juda, gaty.
Seniň sag gaýdyp gelmekligiň meni bijaý guwandyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Biziň pikirimiz bijaý ýalňyş ekeni. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýumşak kreslonyň üstünde şähdaçyk halda oturan Hümmet aga Georgini bijaý gadyrdan garşylap, öz ýanynda oturtdy. (N. Jumaýew, Ak derek)