bihepbe

[bi:hepbe]

Iş oňarmaýan, iş-güýçden bizar, bikär, hepbesiz, gowşak.

  • Hünärsiz, bihepbe adamyny halan gyz tapylarmy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Aý, meniň bir öwerlikli kärim ýokdy, meniň agam, inim ylymly alym, hünärli bolup gitdiler, men bolsa bihepbe boldum. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ol baryp ýatan bihepbe diýsene. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)


Duş gelýän formalary
  • bihepbeden
  • bihepbeler
  • bihepbeleri
  • bihepbeligi
  • bihepbeliginden
  • bihepbeligiň
  • bihepbelik
  • bihepbesi
  • bihepbäniň
  • bihepbäniňem
  • bihepbäňe