[bi:edeplik]
seret edepsizlik
Jora jan, dogrusy, sende biedeplik, ýaltalyk bar. (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi)
Oglum, patyşanyň beren zadyny şol bada iýäýmek biedeplik bolar. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Ýolda örän kän biedeplik edeni Kaştankanyň ýadyndady. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem biedeplik - biedepligi.