biçmek 1 işlik

  1. Geýim üçin tikilýän zatlary ülňi, forma boýunça ölçäp kesmek.

    • Don biçmek, geýim biçmek.

  2. Göçme manyda Bir işiň planyny düzmek, kesgitli netijä gelmek.

    • Beýle işe ýanaşaňda, ilki ölçäp, soň biçmeli. (Çary Aşyr, Poemalar)

    • Baga seýil etmegiň planyny özüçe ölçäp, özüçe biçdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

biçmek 2 işlik

Weterinariýa Erkeklik organynyň mäzini kesip aýyrmak.


Duş gelýän formalary
  • biçdi
  • biçdiler
  • biçdim
  • biçem
  • biçenlerinde
  • biçer
  • biçerler
  • biçerli
  • biçeýin
  • biçip
  • biçipdir
  • biçipdir-de
  • biçjek
  • biçme
  • biçmegi
  • biçmek
  • biçmekçi
  • biçmeli
  • biçmäge
  • biçsem
  • biçsin
  • biçýän
  • biçýär
  • biçýärdi
  • biçýärdiler
  • biçýäris