bezenmek be‧zen‧mek işlik

Özüňi bezemek, owadan görnüşe, gelşige girmek, timarlanmak.

  • Gelin özüne timar berip, bezenip, patyşanyň köşgüne barýar. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Ol bezenip, şaýlanyp çykypdyr. (Myraly)


Duş gelýän formalary
  • bezendi
  • bezenen
  • bezenenem
  • bezenenimi
  • bezenenine
  • bezenenlerine
  • bezener
  • bezenip
  • bezenipdi
  • bezenipdir
  • bezenipdirler
  • bezenipsiň
  • bezenjek
  • bezenme
  • bezenmek
  • bezenmekligi
  • bezenmeklik
  • bezensin
  • bezenýär