Bezeg şaýlary bilen timarlap goýmak, bezeg zatlaryny goýup gelşige getirmek.
Köp wagtdan bäri dowam edip gelýän adata görä, paýtunçylar atlarynyň boýunlaryny gotaz we dürli şaýlar bilen bezäpdirler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Birini ýa-da bir zady owadan görnüşe salmak, görk, gelşik bermek.
Nagyş salmak, keşdelemek.
Gowy geýindirmek.
Ýeke ogly dagyny edil gurjak ýaly bezäýseň bolmaýarmy! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)