Bezeg şaýlary bilen timarlanmak, bezeg zatlary arkaly gelşik berilmek.
Ýagty çyralar haly bilen bezelen tamy gündizlige aýlandyrýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Parahat ýaşamak üçin amatly, oňat bezelen öýjagazda ümsümlik höküm sürýän ýaly bolup görünýär.
Biz gözel bezelen göm-gökje ýolka agajyny gördük.
Owadan görnüşe girmek.
Köçäniň iki ýanyndaky suw akýan ýapjagyzlaryň gyralary ýaşyl-gök otlar bilen bezelipdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Nagyş salynmak, keşdelenmek.
Tamyň içi başdan-aýak dürli nagyş bilen bezelen. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret petir
Üljeler bişen wagtynda, bu ak heýkeller bilen haçlar edil gan ýaly çim-gyzyl nokatlar bilen petir bezelen ýaly bezelýärdiler. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)