betgümanlyk bet‧gü‧man‧lyk

[betguma:nlyk]

Göwne güman getirijilik, düýpli ynanmazlyk, müňkürlik.

  • Bossan öz hojaýyny Meždedini birinji görende, oňa betgümanlyk edipdi, ikiçäk uçraşan wagtlarynda onuň gözüne garamaýardy. (Aýbek, Nowaýy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem betgümanlyk - betgümanlygy.