beslenmek bes·len·mek işlik

  1. Owadan görnüşe girmek, bezenmek, geýinmek, şaýlanmak.

    • Al-asmanda beslenip, älemgoşar göründi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Sansyz gozalar bilen beslenen göm-gök gowaçalar berlen sözüň artygy bilen ýerine ýetiriljekdigine şaýatlyk edýär. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Ýetişdirilmek, terbiýelenmek, ulaldylmak.


Duş gelýän formalary
  • beslendi
  • beslendiler
  • beslenen
  • beslenendi
  • beslenendir
  • beslener
  • beslenip
  • beslenipdi
  • beslenipdir
  • beslenjek
  • beslenmegi
  • beslenmeginde
  • beslenmegini
  • beslenmek
  • beslenýän
  • beslenýändiginiň
  • beslenýär
  • beslenýärler