berkleşmek işlik

  1. Has berk bolmak, gatamak, pugtalanmak, mäkämleşmek.

    • Gurply goluň bilen gurulan bina, Berkleşip öwrüldi bir sarsmaz gala. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Esas tutmak, düýp tutmak, ornaşmak, pugtalanmak.

    • Bu doganlyk, dostluk barha berkleşsin. (R. Seýidow, Bagtlylar)

  3. Güýçlenmek, kuwwatlanmak, gurplanmak.


Duş gelýän formalary
  • berkleşdir
  • berkleşen
  • berkleşenlik
  • berkleşip
  • berkleşipdir
  • berkleşme
  • berkleşmedik
  • berkleşmegi
  • berkleşmeginde
  • berkleşmegine
  • berkleşmegini
  • berkleşmeginiň
  • berkleşmek
  • berkleşmäge
  • berkleşmäni
  • berkleşsin
  • berkleşýän
  • berkleşýändigini
  • berkleşýär
  • berkleşýärler