Edebiýat termini Goşguda: Sazlaşykly gelýän belli bir setirleriň toplumy, strofa.
Diňle bir bentden ybarat bolan «Söýgülime» diýen goşgyny okap göreliň!
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bent - bendim, bendiň.
Derýalarda, kanallarda suwuň derejesini ýokary galdyrmak we bölüşdirmek üçin gurulýan gidrotehniki gurluşyk.
Bent gurmak üçin ýedi ýarym million riýal goýbermäge kim saňna ygtyýar berdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Böwet, päsgel, kynçylyk.
Siz meniň öňüme bent gurjak bolýarsyňyz. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Duşmanlar öňünde bent almasyn, tabşyran zatlaryňy aýdyşyň ýaly ederin, gelinçäň jaýyňy abat saklaryn, bagyny har etmen -- diýip, Wepany ugradypdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bent - bendim, bendiň.
Daňylmak, baglanmak.
Bent bolan zynjyrly gollar açylýar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Daňmak, baglamak, beklemek.
Gyratyň bent eder ýoluň, Garamarsyň sagy-soluň. («Görogly» eposy)
Bara-bara, aýajygym bent etdi, Gerdenime pelek urdy neşäni. (Mollamurt, Saýlanan eserler)