Ýörite goýulýan belgi, nyşan, alamat.
Hol görünýän beýik gerşiň üstünde biziň araçäk belligimiz bar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ol yz boýunça edilmeli bellikleri edip we ondan bir hili hasaplar çykaryp, soň ýene maňa ýüzlendi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Yzynlygy 40, 5 metrdir. (Gadymy dünýä taryhy)
Alnan bilime ýa-da edilýän işe berilýän baha.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bellik - belligi.