belli bel‧li

  1. Mälim bolan, hemmelere äşgär, aýan bolan.

    • Çehleriň kümüş çykarýan magdan ojaklary belli bolupdyr. (Orta asyrlar taryhy)

    • Belli boljagyny bilýärin. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)

    • Bize belli bolan papiruslaryň seretmegiň sebäbi derrew belli boldy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Il arasynda ady ýaýran, meşhur, tanymal.

    • Mertden dogan ady belli, Görogly. («Görogly» eposy)

  3. Özüne mahsus bolan, aýratyn.

    • Her bir sebäpli baglanyşyk belli şertlerde döreýär. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)

    • Sözlem bolmak üçin sözüň belli bir mukdary hökman däldir.

  4. Takyk, anyk, kesgitli.

    • Azajyk oýlanandan soň, ol öz ýüreginde belli bir karara gelen bolmaga çemeli. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

belli bahasy ýok

seret baha

  • Onuň çopan üçin belli bahasynyň ýokdugyny aýtdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

bellisini etmek

Kesgitli, gutarnykly netijä gelmek, ýa eýläk, ýa beýläk etmek.


Duş gelýän formalary
  • belliden
  • bellidi
  • bellidigi
  • bellidigine
  • bellidigini
  • bellidir
  • bellidirler
  • bellije
  • belliler
  • bellileri
  • bellilerine
  • bellileriniň
  • belliligi
  • bellilik
  • bellimi
  • bellini
  • bellisi
  • bellisini
  • bellisiniň
  • belliň
  • belliňi
  • bellä