bela be‧la

[bela:]

  1. Horlukly dert, howp, betbagtlyk.

    • Ýaltalyk adama nähili belalary we zyýanlary getirýär. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Akmaga öz dilinden dürli bela gelermiş. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Dünýäde aňlardan aňlamaz kändir, bilmezler beladyr, bilenler jandyr, (Magtymguly)

    • Päl azman, başa bela gelmez. (nakyl)

    • Seresap gep daşa gala, biseresap gep başa bela. (nakyl)

  2. «Merez» diýen manyda ulanylýan sögünç sözi.

bela ýaly

Hemme zatdan baş çykaryp bilýän, dogumly, işeňňir.

  • Bela ýaly adam.

belanyň körügi

Hemmesini edýän, sebäpkär.

  • Belanyň körügi Baýram ýegenimiň Selbini aljak bolýandygyny menem görüp, içiniň köýgünjini menden çykarmak isleýär. (N. Jumaýew, Ak derek)

belanyň oky

Gargyş.

  • Giç ekseň ekini, alarsyň belaň okuny. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

tebigy bela

Ýer titremek, suw basyp heläk bolmak we ş. m. zerarly halkyň başyna düşýän howp.

  • Şu bela-örän köp, köp haýyş edip, şunça.

  • Şu bela ýalbarýaryn hem weli, şol öz ugruňyza ümdüzine tutduryp otyrsyňyz. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)


Duş gelýän formalary
  • bela-da
  • beladan
  • beladanmy
  • belady
  • beladygyny
  • beladyr
  • belalar
  • belalara
  • belalaram
  • belalarda
  • belalardan
  • belalardy
  • belalardyr
  • belalary
  • belalaryna
  • belalaryndan
  • belalarynyň
  • belalaryň
  • belaly
  • belamy
  • belamydy
  • belanam
  • belany
  • belanyň
  • belasam
  • belasy
  • belasyna
  • belasyndan
  • belasyndanam
  • belasyny
  • belasynyň
  • belaň
  • belaňa
  • belaňy