bejermek işlik

  1. Ýeri, ekin meýdanyny sürüp, suwaryp ekişe taýýarlamak, bejergi işini geçirmek.

    • Gowaçany bejermek, dökünlemek ýaly möhüm çäreler hem ýüz prosent bolupdyr. («Tokmak» žurnaly)

    • Ol bir bölejik ýeri ekmek üçin bejermäge synanyşýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bezeg salmak, keşdelemek, nagyşlamak.

    • Kürte bejermek.

  3. Remont etmek, düzetmek, tikmek, ýamamak.

    • Bejerdik, ýagladyk -- diýende ussaň, Berekella! -- diýip, berýär jogabyn. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Sapançany bejermäge beripdim. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Ussa, sagady bejereňde, her gün gelip durmaly etme. («Tokmak» žurnaly)

  4. Gözegçilik etmek, ideg etmek, idetmek.

    • Näme üçin biz bu atlary bakyp, bejerip boş ýatýarys. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  5. Syrkawy gurat etmek, keselden halas etmek, sagaltmak.

    • Trahoma keselli çagalaryň keselini bejermek işini dogry guramagyň aýratyn möhüm ähmiýeti bar. (S. K. Karanow, Howply göz agyry keselleri we olaryň öňüni almagyň çäreleri)

    • Lukman syrkawy bejerdi.

gaş bejerjek bolup, göz çykarmak

seret gaş


Duş gelýän formalary
  • bejerdi
  • bejerdik
  • bejerdiler
  • bejerdim
  • bejerdiň
  • bejerdiňiz
  • bejeremok
  • bejeren
  • bejerende
  • bejerendigini
  • bejereni
  • bejerenimizde
  • bejereninden
  • bejerenine
  • bejerenlerinde
  • bejerenmiş
  • bejerer
  • bejererin
  • bejererler
  • bejereýin
  • bejerip
  • bejeripdir
  • bejeripdirler
  • bejeripsiň
  • bejeriň
  • bejerjek
  • bejerjekdigi
  • bejerme
  • bejermegem
  • bejermegi
  • bejermeginiň
  • bejermegiň
  • bejermek
  • bejermekde
  • bejermekden
  • bejermekdir
  • bejermeklige
  • bejermekligi
  • bejermekligiň
  • bejermeklik
  • bejermeklikde
  • bejermekçi
  • bejermeleri
  • bejermeli
  • bejermelidigi
  • bejermelidir
  • bejermesi
  • bejermesini
  • bejermezden
  • bejermäge
  • bejermändirler
  • bejermäni
  • bejermäniň
  • bejerse
  • bejersek
  • bejerseler
  • bejersem
  • bejerseň
  • bejersin
  • bejerýän
  • bejerýäniň
  • bejerýär
  • bejerýärdi
  • bejerýärdiler
  • bejerýärin
  • bejerýärler